Şu günler Aşgabatdan Balkan welaýatyna gelen saglyk resmileri sebitiň ähli etraplarynda barlaglary geçirýärler. Barlaglaryň çäginde esasan ginekologlar we häkimiýetleriň geçen ýyllardaky “gyzlyk” barlaglarynda “päkliginiň ýokdugy” anyklanan okuwçy gyzlar barlanýar.
Barlaglaryň geçirilmegine welaýatyň hassahanalarynda ýaş eneleriň çagasyny dogrup, taşlap gitmegi bilen bagly wakalaryň göz-görtele köpelmegi sebäp bolýar diýip, sebitiň saglyk işgärleriniň we resmileriniň birnäçesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň welaýatdaky habarçysyna gürrüň berdi.
“Geçen noýabr aýynyň dowamynda, ýagny bir aýda Balkanabat, Gyzylarbat we Türkmenbaşy şäherlerinde enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezlerinde çagasyny dogrup taşlap giden eneleriň 11 sanysy hasaba alyndy” diýip, welaýatyň saglyk bölümleriniň biriniň işgäri aýtdy.
Bu maglumaty agzalýan hassahanalardaky çeşmelerimiziň hem birnäçesi tassyklap, bu eneleriň tas ählisiniň galp resminamalar esasynda enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezlerine alnandygyny aýdýar.
"Garawullar duýman galýarlar"
“Häzir bu eneleriň kimdigini anyklamaga çalyşýarlar. Sebäbi olar daşary çykan bolup, gapynyň agzynda garaşyp duran ulaglara münüp gidipdirler. Hassahana günde onlarça adam gelip gidýändigi sebäpli garawullar duýman galýarlar” diýip, saglyk işgäri belledi.
Saglyk işgärleriniň sözlerine görä, bu maglumatlaryň Aşgabada baryp ýetmegi netijesinde, 3-nji dekabrda paýtagtdan welaýata dessine barlagçy topary iberildi.
“Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň zenanlar bölüminiň ginekologiýa topary şu mesele boýunça ähli etraplarda barlag geçirýärler. Olar saglyk işgärlerini, şol sanda ginekologlary we öň geçirilen “gyzlyk” barlaglarynda “päkliginiň ýokdugy” anyklanyp, hasaba alnan okuwçy gyzlary barlaýarlar” diýip, balkanly saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Saglyk işgärleri barlaglaryň jikme-jiklikleri baradaky maglumatlaryň häzirlikçe özleri bilen paýlaşylmaýandygyny hem aýdýarlar. Ýöne olar barlaglarda çagasyny taşlap giden eneler bilen bir hatarda, olara kimleriň kömek edendiginiň, şeýle-de galp resminamalaryň kimler tarapyndan taýýarlanandygynyň barlanýandygyny bellediler.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada resmi teswir almak üçin sebitiň Saglyk müdirligi bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 5-nji dekabrda ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
"Göwresindäki çagasyny wagtynda aýyrdyp bilmeýän"
Saglyk işgärleri ýurtda ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmeginiň, ene-atalaryň çagalaryny goýup, gazanç gözleginde daşary ýurtlara gitmeginiň arasynda, soňky ýyllarda ýokary synp okuwçy gyzlaryň arasynda nikasyz göwreli galmak, şeýle-de çagasyny dogrup, hassahanada taşlap gitmek hadysalarynyň adaty bir ýagdaýa öwrülip barýandygyny aýdýarlar.
“Häkimiýetler meseläni öwrenip, çözgüt tapmagyň ýollaryny gözlemegiň deregine, çäklendirme ýa-da gadaganlyk getirip, çözmäge çalyşýarlar. Muňa ýurduň abort kanunçylygy hem degişli. Sebäbi çagasyny taşlap gidýän ýaş eneleriň köpüsi göwrelidigini giç öwrenip, göwresindäki çagasyny wagtynda aýyrdyp bilmeýän ýaşlar bolup çykýar” diýip, saglyk işgäri belledi.
Türkmenistanyň abort kanunçylygy islenilmeýän göwreliligiň aradan aýrylmagyny kynlaşdyrýar. Ýurtda 2022-nji ýylda güýje giren kanun göwreli zenanlaryň abort etmegini bäşinji hepdesinden soň gadagan edýär. Bu ýagdaý, zenanyň islenilmedik göwreliligi togtatmak mümkinçiligini berk çäklendirýär.
Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary soňky ýyllarda okuwçy gyzlaryň arasynda nikasyz göwrelilik hadysalarynyň we ykdysady ýagdaýy pes maşgalalarda ýetginjek gyzlaryň ten satmaga meýil etmegi ýaly wakalaryň göz-görtele köpelendigini aýdyp gelýärler.
Bu wakalar, saglyk we bilim işgärleriniň ençemesiniň sözlerine görä, soňky ýedi ýyl töweregi wagt bäri türkmen häkimiýetlerini okuwçy gyzlarda mejbury ginekologiýa barlagyny geçirmegine hem getirip gelýär. Barlaglar ýylda bir gezek, käte-de iki gezek duýdansyz geçirilýär.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum